Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygyndaky ýörite topar tarapyndan jemi jemlenendigini aýtdy. Şoňa görä-de ýeňiji bolan etrap yglan edildi.
Bäsleşikde Lebap welaýatynyň Dänew etraby ýeňiji boldy. Etrabyň häkimligi bir million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Teswirler