“Türkmenabat — Moskwa” ugry boýunça indiki uçuş 11-nji fewralda amala aşyrylar

 “Türkmenabat — Moskwa” ugry boýunça 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýörite uçuş guralar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram kanalynda habar berilýär.

S7 8536 uçuşy Domodedowa halkara howa menziliniň resmi sahypasynda görkezilýär.

Ýatladyp geçsek, mundan öňdäki uçuş 28-nji ýanwarda amala aşyrylypdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok