Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma, Täjigistan suwuklandyrylan gaz import edijileriniň sanawyny giňeltmekçi bolýandyklaryny habarçylara aýtdy. Bu barada orient.tm web habar saýty belläp geçýär.
Häzirki wagtda Täjigstan özleriniň ýangyç serişdeleriniň köp bölegini Russiýa we Gazagystandan satyn alýar. Ministr, Täjigistan Türkmenistandan ýangyç serişdeleriniň uly bölegini satyn almak barada şertnamalara gol çekilendigini aýdyp geçdi.
Habarda bellenilmegine görä, şertnamalar 2021-nji ýylyň Awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigsitan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri esasynda ylalaşyldy.
Oraznur ANNAMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler