Sanly ulgam — özgerdiji güýç

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr. Şonuň üçin bu ugra aýratyn üns berilýär we döwrebap mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň artmagyna, dolandyryşyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Ylmyň we bilimiň has-da ösen häzirki döwründe tehnologiýalara, kompýuter enjamlaryna, elektron programmalaryna giň ýol açylýar. Şonuň üçin sanly ulgam dürli pudaklarda işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, ylmyň iň täze gazananlaryny hem durmuşa ornaşdyrmak bolup durýar. Şonuň üçin, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi birnäçe amatlyklary döredýär. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlara dessin çykmak we sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligi artýar. Harytlaryň we hyzmatlaryň göni aragatnaşyk (onlaýn) ulgamda hödürlenmegi olaryň elýeterliligini ýokarlandyrýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda netijelidir hem-de ähmiýetlidir.

Elbetde, sanly ulgamyň mümkinçilikleri örän giňdir. Häzirki wagtda hyzmatlary döwrebap görnüşe geçirmek — maglumat-intellektual tehnologiýalary we sanlylaşdyrylan ulgamlary ösdürmek durmuş-ykdysady taýdan zerurlyga öwrülýär. Sanlylaşdyrmak, ozaly bilen, täze hyzmatlaryň we önümleriň sanly görnüşde döredilmegidir. Diýmek, sanlylaşdyrmagyň esasy tapawutly aýratynlygy täze işjeň we sarp edijilik häsiýetnamalary bolan innowasion hyzmatlaryň hem-de önümleriň döredilmegindedir.

Sanlylaşdyrmak ösüş we bäsdeşlik babatda täze artykmaçlyklary gazanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda täze innowasion tehnologiýalar, şol sanda, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçildi. Elektron senagat döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda köpugurly kommunikasiýa ulgamyny döretmek, Watanymyzyň alys künjeklerinde internet mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Maksatberdi ANNAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok