Şanly ýylyň şygary —ýürekleriň kelamy

Bagta beslenen gül Diýarymyzda uly şatlyk-şowhun bilen garşylanan täze ýylyň ilkinji pursatlarynda Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyny halkymyza ýetirmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýatda galyjy pursatlarynyň ilkinjisi boldy. Dogduk depä, eziz ülkä buýsanç bilen başlanýan goşgy setirleri kalbyňda jan Watanymyza bolan beýik söýgini oýarýar.

2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halk, Arkadag, zamana diýen üç mukaddesligiň güýjüne daýanýan Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan, halk bähbitli işleriň diňe öňe ilerleýän döwletidiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ähli ugurlarda gazanylýan okgunly öňegidişlikler, oňyn ilerlemeler milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz mähriban halkynyň egsilmez döredijilik güýjüne daýanmak arkaly düýpli özgertmeleri amala aşyrýar. Şonuň netijesinde Türkmenistan dünýäniň batly depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşuldy. Şeýle guwandyryjy ýagdaý, nesip bolsa, täze ýylda-da dowam eder. Ol rowaçly, asuda, abadan ýyllaryň biri bolar.

Üstünlikli geçen ýyllaryň hersine mynasyp at berilmegi döwletimiziň ösmeginiň möhüm tapgyrlaryna ünsi çekmäge we halkymyz üçin bähbitli wakalaryň artmagyna giň ýol açýar. Üstünliklere beslenip gelýän ýyllaryň her biri taryha altyn sene bolup ýazylýar. 2021-nji ýylda hem Milli Liderimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda kabul eden maksatnamalary giňden durmuşa ornaşdyryldy. Ähli ugurlaryň, milli ykdysadyýetiň, ylym-bilimiň ýeten belent derejeleri aýratyn guwandyryjydyr. Ýurdumyzda hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, türkmeniň milli ruhunda terbiýelenýän, kämil hünärli, halkyna, Watanyna wepaly şahsyýetleri ýetişdirmek üçin giň möçberli işler ýola goýulýar. Ylym-bilimiň döwrebap derejede özleşdirilmegi bu ugurdaky ýetilen ýokary derejeleri şertlendirýär.

Ýylyň adyny göwünlerimiziň şadyna öwrüp, Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän ilhalar başlangyçlaryny amala aşyrmaga öz ähli gujur-gaýratymyzy bagyş ederis. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk ýörelgesiniň dabaralanmagy ugrunda ýadawsyz alada ederis. Goý, adamzadyň umumy öýi bolan Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak ugrunda ýadawsyz göreşýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman, ýurdumyz abadan bolsun!

Ysmaýyl BEGNAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok