Berdimuhamedow Hytaý-Merkezi Aziýa hökümet ýolbaşçylarynyň onlaýn sammitine gatnaşdy

Hytaý Halk respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen diplomatiki gatnaşyklary ýola goýmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dialog sammit geçirildi.

Beýleki ýurtlary ýurt baştutanlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem çykyş etdi.

Berdimuhamedow öz çykyşynda Hytaý Halk respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklaryň aýratyn orny barada nygtap geçdi. Merkezi Aziýa we Hytaýyň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklar gadymy Beýik Ýüpek ýolynyň döwründen öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Häzirki wagtda türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan taslama häzirki wagtda esasy üns merkezinde.

Dünýädäki pandemiýa şertleri sebäpli üýtgän ykdysady ýagdaýlara sazlaşykly ösmek üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Hytaý bilen ysnyşykly gatnaşyklar alyp barýar.

Şeýle-de sammitde Hytaýda geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlary barada hem durulyp geçildi.

Türkmenistan sebitdäki döwletler bilen hemişe parahatçylykly diplomatiýatyny öňe sürdi. “Dialog – parahatçylygyň kepilidir” diýen pelsepe, Türkmenistanyň goňşy we doganlyk döwletleri bilen gatnaşyklarynda esasy ýörelge bolup gelýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok