Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanly kärdeşi bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigine ünsi çekdiler. Hususan-da soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind hem-de Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşyklarynyň we telefon arkaly gepleşikleriniň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmeklik barada gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny bellediler.
Şeýle-de duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň we ýakyn günlerde wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa-Hindistan” Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berdiler.
Eziz GAZAKOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby
Teswirler