Türkmenbaşy şäheriniň okuwçylary taslama bäsleşigine taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň orta bilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda her ýyl geçirilýän “Altyn asyryň – altyn zehinleri” atly köpugurly bäsleşiginiň taslama ugry boýunça welaýat tapgyrynyň geçirilmegine taýýlarlyk görülýär.

Şeýle-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň okuwçylary hem öz taslamalarynyň üstünde işleýär.

Bu şäheriň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Çäşemow Saparmyrat “Ýumurtga gabygynyň tozan görnüşininiň himiki düzümi we funksional ulanyşy” atly taslama işiniň üstünde işleýär. Bu taslamada ýumurtga gabygyndaky kalsiý mineralyny oba-hojalykda gaýtadan ulanmagy maksat edinýär.

Taslamanyň bäsleşige taýýarlyk işlerinde bu mekdebiň mugallymy Halmanow Nury goldaw berýär.

Teswirler

Billie Eilish

Salam bu taslama oran gowy Men yetishdiren gullerime yumurtga gabygyny ulandym. Sizin aydyshynyz yaly olara oran gowy guyc berdi. Sagbol Saparmyrat.