Netflix-iň ösüşi pese gaçdy

Netflix, geçen ýylyň soňky üç aýynda öz hyzmatlaryny ulanýan kişileriniň sanynyň ösüşinde pese gaçdy. Bu görkezijileriň esasy sebäpleriniň biri bolsa bu ugrdaky bäsdeşleriniň köpelmegidir.

Ştab kwartirasy ABŞ-da ýerleşýän 2021-nji ýylyň oktýabr we dekabr aýlarynda çaklanylandan 200 müň az abunaçy gaznan Netflix 8,3 million täze abunaçy gazandy. 2020-nji ýylda 36 milliondan gowrak abunaçy gazanan Netflix, 2021-nji ýyly bary-ýogy 18.2 täze abunaçy bilen jemledi.

Netflix – dünýä ýüzünde tehnologiýa we medýa önümçiligi bilen meşgullanýan şereketdir. Öňdebaryjy kompaniýa 1997-nji ýylda Kaliforniýada Reed Hastings we Mark Randolph tarapyndan esaslandyryldy. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde Netflix-iň 222 million abunaçysy bar bolup, öz bäsdeşleri arasynda özüniň liderligini saklaýar.

Hangeldi HANMUHAMMEDOW

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok