Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary geçen 2021-nji ýylda ders bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşyp ýokary netije görkezdiler. Hususan-da okuw dersleri boýunça geçirilen Halkara bäsleşiklerinde ýokary görkezijiler görkezip, dürli derejeli medallaryň jemi 43-sine, diplomlaryň hem 724-sine mynasyp boldular.
Lebaply mekdep okuwçylary aýry-aýrylykda Halkara ders we taslama bäsleşiklerinde welaýatyň zehinli mekdep okuwçylary altyn medallaryň 16 – syna, kümüş medallaryň 14-ine, bürünç medallaryň hem 11-ine, Halkara derejesinde geçirilen internet bäsleşiklerinde hem bürünç medallaryň 2 – sine eýe boldular.
Şeýle hem sanly ulgam arkaly geçirilýän internet bäsleşiklerindäki görkezijiler 1-nji derejeli diplomlaryň 586-syna, 2-nji derejeli diplomlaryň 114-ine we 3-nji derejeli diplomlaryň hem 24-sine deň boldy.
Alyşir BABAÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby
Teswirler