Dil bilmek – dünýäni bilmekdir

Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy has-da belende galýar. Häzirki bagtyýar döwrümizde ylym-bilimi ösdürmek we onuň dünýä ylmy bilen aýakdaş gitmekligini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerine bolan sowatlylygyny ösdürmeklik ugrunda oňyn netijeler gazanylýar. Ata Watanymyzyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagyna, ökde hünärmenler bolup ýetişmegine bagly bolup durýar. Ýurdumyzyň umumy we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt dilleriniň ençemesi okadylyp, onuň hili has-da ýokarlandyrylyp, tejribeli we öz işine ussat hünärmenler kemala gelýär. Döwletimizde daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň ýerine ýetirilişine goşandyny goşandyny goşýan köp sanly dil merkezleri hem hereket edýär. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmekligine, suwara hem-de erkin gürläp bilmek mümkinçiligine eýe bolmaklaryna uly şert döredýär. Bu ugurda hünärmenleriň ýokary dil taýýarlygynyň we baý tejribesiniň bolmaklygy zerur görkezijidir. Ýokary dil taýýarlygynyň bolmaklygy hünärmenler üçin artykmaçlyk bolup, ol her hünärmen üçin bu ugurda giň şert-mümkinçilikleri açýar. Watanymyzda daşary ýurt dillerini öwrenmekde göz öňünde tutulan ähli çäreleriň berjaý edilmegi, hünärmenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak babatda anyk çäreler görülýär. Okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmaklygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak we ony ösen tehnologiýalaryň, enjamlaryň üsti bilen utgaşyklykda alyp barmak esasy görkezijidir. Daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan şeýle giň möçberli çäreler bolsa döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Diýarymyzda üç dilliligi ösdürmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Gurlup ulanylmaga berilýän ak mekdepleri, ösen tehnologiýaly ýokary okuw jaýlary talabalaýyk derejede enjamlaşdyrylan okuw otaglary bilen üpjün edilýär. Döwrüň özgermegi, ösmegi, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky at-abraýynyň artmagy, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatynyň dabaralanmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmeklerini talap edýär. Şeýle çäreler bolsa bizi has-da yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmäge, Watanymyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň pajarlamagyna, has-da kuwwatlanmagyna goşant goşmaklyga ruhlandyrýar.

 Allawiddin HAMRAKULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok