Ýurduň ykdysady ösüşiniň durnukly depginleri köp babatda ylym we innowasiýa amallarynyň gazananlaryny giňden ulanmak bilen esaslanýar. Beýle ýagdaý önümçiligiň tehniki derejesini ýokarlandyrmakda, öndürilýän önümiň dürlüligini diwersifikasiýalaşdyrmakda, oba hojalyk çig malynyň gaýtadan işlenilmegini döwrebaplaşdyrmakda, önümiň hilini dolandyrmagy modifikasiýalaşdyrmakda we zähmet potensialynyň işini guramagy gowulandyrmakda öz anyk beýanyny tapdy.
Şuňa laýyklykda, ýurdumyzyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda Watanymyzyň we ähli türkmen halkynyň gelejegi üçin ähmiýetli bolan möhüm meseläni durmuşa geçirmek boýunça uly işler başlanýar. Bu mesele ýurdumyzyň ylmynyň ösüşiniň hil taýdan täze, ýokary derejä göterilmegidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda: “Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy ugurlarynyň ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, olaryň ylym we önümçilik ulgamlary bilen jebis arabaglanşygyny üpjün etmek, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak, täze maglumat infrastrukturasyny döretmek zerurdyr” diýip belledi.
Ýurdumyzyň ylmy-tehniki ulgamynyň ösüşi üçin tehnikany, tehnologiýany, zähmeti we dolanyşygy guramak ulgamynda täzeçiligi ulanmak, şeýle-de işiň iň dürli ulgamlaryna we pudaklaryna täzelikleri ornaşdyrmak maksady bilen döwletiň goldawy berilýär. Häzirki döwürde ylmy ösdürmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda “Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary hakynda” karary esasynda ýurdumyzyň ösüşi ylmy gözlegleriň we innowasion işläp taýýarlamalaryň şu ileri tutulýan ugurlary we meseleleri bilen kesgitlenip biler:
Ylymsyz ýurduň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini gazanmak asla mümkin däldir. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda ylmyň ösüş derejesine baglydyr.
Ilmyrat Annaýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby
Teswirler