Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanşygy depginli ösýär

Çarşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda ýerli we daşary ýurt metbugatynyň ynanç bildirilen žurnalistleri üçin metbugat duşuşgy geçirildi.

Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyklar barada pikir alyşyldy we olara oňyn baha berildi. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklary global pandemiýa garamazdan ýokary derejede ösýändigini belledi.

Geçen 2021-nji ýyldaky söwda dolanşygynyň görkezijileri bir milliard 911 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkmenistanyň Türkiýä eksporty 50%-den, Türkiýäniňki bolsa 27%-den gowrak ýokarlandy.

surat çeşmesi: turkmenistan.gov.tm

Wepa HUDAÝGULYÝEW

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok