Oba-hojalyk tehnikalarnyň ägirdi “John Deere” ýakynda özüniň täze innawasion traktoryny ýagny sürüjisiz traktoryny köpçülik bilen tanyşdyrdy. Bu täze innowasiýany smartfon arkaly sürüjisiz dolandyrmak mümkindir.
Täze tehnikada GPS-modul we kömekçi kameralar ýerleşdirilendir. Oturdulan kameralar arkaly töwerege syn etmek hem-de päsgelçilikleri görmek üçin niýetlenip olaryň sany altydan ybaratdyr. Kompaniýa bu täze nusga tehnikany şu ýyldan satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.
“John Deere” kompaniýasy 1837-nji ýylda Amerikaly demirçi, senagatçy we oýlap tapyjy Jon Dir (John Deere) tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýa häzirki wagtda Türkmenistanyň uzak möhletleýin we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Her ýyl diýarymyzyň dürli künjeklerindäki ekerançylyk we oba-hojalygy üçin bu kompaniýanyň ýokary hilli we kämil tehnikalary satyn alynýar.
Kerimberdi ÖWEZDURDYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby
Teswirler