- Limon agajynyň ömri 50 ýyla çenli bolup, ýazda gülleýär, tomusda miwe berip başlaýar, güýzde we gyşda bolsa ýaşyl reňkli miweleri saralýar.
- Limon agaçlary her ýyl 600 litr limon suwuny öndürýär.
- Limon şiresinde 5 göterim kislota saklanylýar.
- Dünýädäki iň agyr limon 2003-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Ysraýylyň Kefar Zeitm fermasynda ösdürilip ýetişdirilen miwedir. Ýagny, bu miwäniň agramy 5 kilogram 265 gram diýip hasaba alyndy.
- Limon miweleri gülläninden 4-12 aý aralygynda bişýär.
- Fransiýanyň Riwer şäheriniň Menton şäherçesinde her ýylyň fewral we mart aýlarynda limon baýramy bellenip geçilýär.
- Dünýäde limon öndürmekde öňdebaryjy 5 ýurt: Hindistan, Meksika, Hytaý, Argentina we Braziliýadyr.
- Limon agajy 3-5 ýyldan soň miwe berip başlaýar.
- Limony gadymy döwürlerde gaty seýrek bolany üçin ony patyşalara sowgat hökmünde berlipdir.
- Limonyň kislotaly we süýji görnüşi bolup, kislotaly limon täjirçilik taýdan ösdürilip ýetişdirilýär, süýji limon bolsa bagbanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär.
- Hindistan limon ösdürip ýetişdirmekde dünýäde öňdeligi eýeleýän ýurt bolup her ýylda 3 million tonna limon hasyly alynýar.
- Bir limonda ortaça C witamin 22 kaloriýa töweregi bolup, adamlara her gün 139 kaloriýa C witamin gerekdir.
Hurşida NARMETOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler