Türkmenistanda sanly bilim

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Alym Arkadagymyzyň başda durmagynda ähli ugurlarda göz öňüne tutulan wezipeleri durmuşa geçirmekde ägirt uly işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler, bugünki günde has-da ýokary depginlere eýe boldy.

Sanly ulgamyň işini döwrebap derejede guramak üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen Türkmenaragatnaşyk agentligi hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen “Sanly Çözgüt IT” meýdançasy hereket edýär. Bu ýerde biz ýaşlar ösen innowasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanyp döwrebap derejede bilimimizi kämilleşdirýäris. Terjibelikde gazanan üstünliklerimizi önümçilige ornaşdyrýarys. Institutymyzda hem ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw hem-de orta hünär okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli gurnalýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarys.

Şular ýaly ösen, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmaga okamaga, öwrenmage, döretmäge, işlemäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz sag bolsunlarymy aýdýaryn. Goý, bedew batly öňe barýan türkmen halkynyň geljegi üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän, Watanymyzy bolsa ösüşiň iň täze belentliklerine tarap batly gadamlar bilen ynamly öňe alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Ogulmaral BAÝRAMMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok