Günorta Koreýada ýerleşýän “Hyundai” awtoulag şereketi ähli işleriň robot ulgamlary tarapyndan ýerine ýetiriljek “Täze dünýä” düşünjesini hödürledi. Bu düşünje bilen jansyz zatlary herekete getirmek, esasanam adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmegi maksat edinilýär.
“Hyundai” – “Zatlaryň hereketi” diýlip atlandyrylýan düşünje bilen öýlerinden başlap, kitap tekjelerine, tiz kömek ulaglaryndan awtonom ýolagçy bölümlerine çenli birnäçe obýektiň kuwwatlanjakdygyny öňe sürýär. “Hyundai Motor Group”-yň Robotika laboratoriýasynyň başlygy Dong Jin Hyun öz beýanatynda robotlaşdyrylyp bilinjek zatlaryň görnüşiniň “çäksiz” boljakdygyny aýdýar.
Beýleki tarapdan “Hyundai”, platformalaryň “maksatly giňişliklerini” açmak üçin adamlaryň zerurlyklaryna görä üýtgedilip bilinjekdigini öňe sürýär. “Hyundai”-yň gelejek baradaky arzuwy gowy bolup görünse-de, bu arzuwyň amala aşmagy onuň hakyky durmuşda nähili boljakdygyna baglydyr.
Tehnologiýanyň çalt ösendigini göz öňünde tutup, “Hyundai” adamlaryň durmuşyny aňsatlaşdyrjak şahsylaşdyrylan sanly tehnologiýalary durmuşa geçirmek meýilnamasynyň entek ýakynda mümkin däl ýaly.
Oraznur ANNAMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
talyby.
Teswirler