Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edarasy 10-njy ýanwardan adaty tertipde işläp başlar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz “Telegram” jemgyýetçilik torunda, 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Şeýle-de ol habarda, Russiýanyň  “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edarasy 10-njy ýanwardan (duşenbe güni) adaty tertipde işläp başlajakdygy mälim edilýär.

Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça meýilleşdirilen ýörite uçar gatnawy boýunça Aşgabat şäherinde awaipetekleriň satylyp başlanmagynyň senesi we wagty birnäçe wagt soňra habar berler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok