Ýewropa koronawirus epidemiýasy bilen birlikde energiýa we üpjünçilik krizisine duçar boldy. Şol sebäpli tebigy gazyň bahasynyň nyrhlary gaýtadan ýokarlanyp başlady.
1000 kub metr tebigy gazyň bahasy, Ýewropanyň tebigy gaza baý nokatlarynyň geleşik şertnamalarynda ýene-de 94 ýewro ýetdi.
Ýewropada gelejekdäki tebigy gaz bazaryndaky bahalar ýene ýokarlanmagyna garaşylýar. Munuň sebäbi bolsa Russiýanyň pes energiýa üpjünçiligi şeýle-de Ýewropadaky sowuk howa we energiýa krizisi bolup durýar.
Nemes tor operatory “Gascade”-niň maglumatlaryna görä, Russiýanyň gazyny günbatardan Ýewropa geçirýän “Yamal-Yewropa” turbageçirijisi arkaly Germaniýa iberilýän tebigy gazyň mukdary 15-nji dekabrdan bäri azaldy we nola deň boldy. Geçirijiden häzirki wagtda diňe Polşa tebigy gaz akýar.
Geçen ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Ýewropada tebigy gazyň bahasy ýokarlandy we megawatt-sagatda 180 ýewrodan ýokary boldy. Ýewropa ýurtlary häzirki wagtda tebigy gaz zerurlyklarynyň 90 göterimini import edýän bolsa, ýanwar aýyndan bäri yklymda tebigy gazyň 7 esse ýokarlanmagy “energiýa krizisine” sebäp boldy.
Aknur JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler