Durnukly ykdysady ösüşde innowasiýanyň orny

Ýurdumyzyň ylmy-tehniki ulgamynyň ösüşi üçin tehnikany, tehnologiýany, zähmet we dolanyşygy guramak ulgamynda täzeçilligi ornaşdyrmak, şeýle-de işiň iň dürli ulgamlaryna we pudaklaryna täzelikleri ornaşdyrmak maksady bilen döwlet goldawy berilýär. Häzirki döwürde, Türkmenistanda ylmy ösdürmek üçin ylmy gözlegleriň we innowasion işläp taýýarlamalaryň ileri tutulýan ugurlary, ýurduň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän häzirki zaman şertlerinde  islendik döwletiň kuwwatly ösüşi ylmyň we tehnologiýanyň  ösüşi bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanda ylym jemgyýetimiziň düýpli täzelenişiniň esasyny düzýär, halkymyzyň bähbitlerine hyzmat edýär. Ylmy-tehniki mümkinçiliklerimizi artdyrmak we netijeli peýdalanmak ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň esasy şerti bolup çykyş edýär.

Milli ykdysadyýeti ygtybarly we ýokary depginli ösdürmekde, ykdysadyýetiň pudaklaryna innowasion özgertmeleri ornaşdyrmakda ylmyň orny aýgytlaýjydyr. Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan öňde barýan, senagat taýdan ösýän ýurtlaryň hataryna okgunly goşulmagynyň ýolunda ylmy esasy binýat hökmünde saýlap aldy. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda Watanymyzyň we ähli türkmen halkynyň gelejegi üçin ähmiýetli bolan möhüm meseläni durmuşa geçirmek boýunça uly işler başlanýar. Bu mesele ýurdumyzyň ylmynyň ösüşiniň hil taýdan täze, ýokary derejä göterilmegidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda: “Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy ugurlarynyň ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, olaryň ylym we önümçilik ulgamlary bilen jebis arabaglanşygyny üpjün etmek, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak, täze maglumat infrastrukturasyny döretmek zerurdyr” diýip belledi. Döwlet tarapyndan bu ulgama uly möçberli maýagoýumlaryň goýulmagy Türkmenistanyň ylmy kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, ylmy-barlag işleriniň ýaýrawynyň giňelmegi, mazmunynyň has-da çuňlaşmagy, ylmyň jemgyýetdäki hakyky ornunyň dikeldilmegi, häzirki zaman dünýä ölçeglerine laýyk gelýän binýatlyk ylym ulgamynyň döremegi üçin kuwwatly itergi boldy. 

Dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwatly ösüşi ylmyň we tehnologiýanyň ösüşi bilen kesgitlenilýär. Ykdysadyýetiň awtomatlaşdyrylmagy we kompýuterleşdirilmegi, önümçiligi gurnamagyň, dolandyrmagyň innowasion maglumat binýadynyň döredilmegi, ilkinji nobatda, ylmyň ösdürilmegini talap edýär. Ýurdumyzda  ylmyň ösüşini, alymlaryň ylmy açyşlaryny we täzeçillik tekliplerini milli ykdysadyýetimize tapgyrlaýyn ornaşdyrmak bilen önümçiligi ylmy esasda gurnamak dowam etdirilýär. Türkmenistanda ylym jemgyýetimiziň düýpli täzelenişiniň esasyny düzmelidir, halkymyzyň bähbitlerine hyzmat etmelidir. Bu wezipe ylmyň belent borjy we baş maksady bolýar. Ylma zehinli ýaşlary çekmekde, olara ukyp-başarnygyny doly açmaga we ulanmaga mümkinçilik döretmekde, döredijilik gözleglerini höweslendirmekde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ylym we tehnika milli ykdysadyýetiň ganatydyr. Ylmy-tehniki mümkinçiliklerimizi artdyrmak  we netijeli peýdalanmak ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň esasy şertidir. Bu bolsa bize ylmy ösdürmegiň häzirki zaman nusgalaryna çalt depginler bilen geçmäge, düýpli hem-de amaly ylymlaryň, ylmy taýdan tutumly tehnologiýalaryň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga, ýokary derejeli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň sanyny üzül-kesil artdyrmaga mümkinçilik berer. Mälim bolşy ýaly, döwlet diňe bir ylmy ösdürmek syýasatyny alyp barmak ýa-da ýurduň aýratynlyklaryny we zerurlyklaryny hasaba almak, ylmy ösdürmegiň esasy ugurlaryny, ýokary aň-düşünjeli hünärmenleri taýýarlamagy utgaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem ylmy edaralary maliýe hem-de maddy-tehniki taýdan üpjün etmek boýunça hem iş alyp barmalydyr. 

Ötkürbek ÝAGŞIBAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok