RF-nyň ilçisi metbugat maslahatyny geçirdi

Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin paýtagtymyzda şu ýylyň jemleriniň netijelerine bagyşlanan metbugat maslahatyny geçirdi.

Geçirilen ýygnaga ýurdumyzyň we daşary döwletleriň žurnalistleri, şonuň bilen bir hatarda  diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşdy. Aleksandr Blohin Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklara uly baha berip Onuň sözlerine görä, şu ýylyň 10 aýynda türkmen-rus haryt dolanyşygy, gaz söwdasyny hasaba almazdan, 729 million dollar bolup, 8,1% ýokarlanypdyr.

Russiýanyň ilçisi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda, hususan-da häzirki wagtda dünýädäki epidemiologik ýagdaýlaryň öňüni almak we göreşmek babatynda örän oýlanşykly we netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigine üns çekdi.

Poladowa Gülnar,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş 
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok