RF-nyň Perm şäherinde bilim alýan ildeşimiz Öwezberdi Sabyrow Perm şäheriniň gubernatory Dimitriý Mahonin tarapyndan “batyrlygy we edermenligi” üçin sylaglandy. Sylaglandyryş dabarasy «Пермский характер» innisatiwiniň çäklerinde “Adatdan daşary ýagdaý we ölüm howpuny ýeňip geçendigi üçin” baýragyna mynasyp görüldi.
Mundan başga-da hormatly derejeler şol uniwersitetiň Himiýa fakultetiniň talyplary Abdulla Obaid, Razuk Aşraf we Öwezberdi Sabyrowa, şeýle-de ykdysadyýet fakultetiniň talyby Anton Grehow we hünär bilim kollejiniň talyb Egor Dolgiha mynasyp görüldi. Olaryň atlary we hekaýalary hormatly “Perm häsiýeti” kitabyna girizildi.
Talyplar Perm uniwersitetinde bolan betbagtçylykda özleriniň edermen häsiýeti bilen köp adamyň janyny halas etmäge kömek etdiler. Bularyň hekaýalaryny jemgyýetçilik torlarynda героиПГНИУ@permuniversity heştek arkaly okap bilersiňiz.
Teswirler