Dünýädäki iň uly ýel fermasy önümçilige başlady

Dünýädäki iň uly deňiz ýel fermasy “Hornsea” 2,8 MWt-lyk 165 sany ýel turbinasy bilen elektrik öndürip başlady. Häkimiýetler dünýäde iň uly deňizdäki ýel fermasynyň elektrik öndürip başlandygyny habar berdiler.

Häzirki wagtda taslamanyň ýarysy işjeň ýagdaýda, doly güýjünde işlän mahaly 1,3 milliondan gowrak öý üçin ýeterlik energiýa öndürer. Angliýadaky “Hornsea 2” ýel fermasynyň geljek ýyl doly işlemegine garaşylýar.

Beýleki tarapdan, “Hornsea 2” häzirki wagtda işleýän “Hornsea 1” taslamasy bilen bilelikde jemi 2,3 milliondan gowrak jaý üçin ýeterlik elektrik energiýasy bilen üpjün eder.

“Hornsea 1” taslamasynda, “Siemens” şereketi tarapyndan öndürilen “SWT-7.0-154” atly 174 sany 7.0MW-lyk turbina bar. “Hornsea 2”-de bolsa 165 sany 8 MWt-lyk “Siemens Gamesa” turbinalary bar. “Hornsea 2”-niň üstünde iş dowam edýärkä, “Hornsea 2” we 3 taslamasy hem geljekde doly ýagdaýda elýeterli bolar.

Gülşat PENAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok