ABŞ-ly tehnologiýa ägirdi “Apple” 2015-nji ýylda ilkinji “Apple Watch” modelini çykardy we akylly sagat bazaryna girdi. Emma “Apple Watch” “Apple” bilen baglanyşykly ilkinji geýilýän enjam däl.
Seiko tarapyndan işlenip düzülen “WristMac” atly sagady ilkinji gezek 1988-nji ýylda çykdy. Sagadyň öndürilmeginiň maksady şol döwrüň “Macintosh” kompýuterine birikmek we aragatnaşyk gurmakdy.
Göz öňüne getirişiňiz ýaly, “WristMac” şol döwrüň şertlerinde garaşylýan ünsi almady we bazardan çykaryldy.
“WristMac” 33 ýyl ozal üstünlik gazanyp bilmese-de, häzirki wagtda bu sagadyň seýrek bolmagy onuň gymmatyny artdyrýar. Gutusy hiç haçan açylmadyk sagat öz döwründe 50 dollara satyn alyndy. Häzirki wagtda bolsa bu sagat “ComicConnect”-de auksiona çykaryldy we takmynan 50 müň dollara satylmagyna garaşylýar.
Aýnur AGAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler