Dünýä derejesinde jemgyýetçilik torunyň ägirdi hasaplanýan “Tiktok”, “Tiktok Kitchen” marka ady bilen ABŞ-da öz restoranyny açmagy meýilleşdirýar. Onuň ilkinji tapgyry mart aýynda 300 restoranyny açyp, bir ýylyň dowamynda bolsa bularyň sanyny 1000-e ýetirmek isleýär.
Restoranyň menýusynda bolsa, diňe TikTok jemgyýetçilik torunda trend bolan naharlaryň satylmasy meýilleşdirilýär. Dünýä medeýiasynyň habaryna görä, bu aşhananyň menýulary, her üç aýdan täzelenip, bul applikasiýada täze trend bolan naharlaryň sanawy goşuljakdygyny belläp geçýärler.
Tiktok-yň esasy maksady bolsa, özüniň kontent döredijilerini höweslendirmek we olary goldamakdan ybaratdyr. Şeýle-de bolsa, firma maýa goýumlarynyň restoran işine girmekden has köp marketing strategiýasydygyny nygtaýar.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler