Indoneziýada “Asian-African Youth Government Congress” atly gurultaý geçirildi

Indoneziýanyň bilim uniwersitetiniň (Universitas Pendidikan Indonesia) talyby Merdan Nazargylyjow, Indoneziýanyň Bandung şäherinde geçirilen “Asian African Youth Government Congress” atly duşuşyga gatnaşdy. Bu çäre ilkinji gezekde boluşy ýaly, şu ýyl hem “Sawoý Homann” myhmanhanasynda geçirildi.

Duşuşygyň barşynda çärä gatnaşyjylar häzirki wagtda dünýädäki epidemiologik ýagdaýlar barada durup geçdiler we oňa garşy göreşmek barada özleriniň birnäçe maslahatlaryny aýtdylar. Mundan başga-da duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşyk we medeni gatnaşyklar barada durulyp geçildi.

Aziýa-Afrika konferensiýasy ýa-da Bandung konferensiýasy – ilkinji gezek 1955-nji ýylda Aziýa we Afrika sebitlerinden 29 döwletiň gatnaşmagynda geçirildi. Degişli döwürde konferensiýanyň ilkinji Baş Sekretary wezipesine Ruslan Abdulgani saýlanypdy. Bu konferensiýanyň esasy maksatlarynyň biri bolsa dünýäde parahatçlygy we hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok