Leýli Kalendarowa – Russiýada “Ýylyň daşary ýurtly talyby” diýen ada mynasyp boldy

Russiýanyň bilim ministrligi we Rus ýaşlar bileleşiginiň bilelikde guramagynda Russiýada ýokary okuw talyplarynyň arasynda geçirilen “Ýylyň talyby” milli bäsleşiginiň “Ýylyň daşary ýurtly talyby” atly nominasiýasynyň eýesi ildeşimiz Leýli Kalendarowa bolmagy başardy. Bu baradaky habary rus mediýasy habar berýär.

Sergo Orjonkidze adyndaky Rus geologiýa gözleg uniwersitetiniň nebit we gazyň geologiýasy we geofizikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Leýli Kalendarowa bul bäsleşige 2019-njy ýyldan bäri gatnaşyp gelýär.

Sekiz günüň dowamynda 12 nominasiýa boýunça geçirilen bul bäsleşigiň netijeleri onlaýn görnüşde jemlendi. Bäsleşikde ýetmiş bäş sebitden sekiz müňe golaý talyp degişli nominasiýalar boýunça özara bäsleşdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok