Ýaponiýada maglumatlary geçirmegiň tizligi boýunça dünýä rekordy goýuldy

Ýapon inženerleri tarapyndan işlenip düzülen täze tehnologiýa, öňki maglumat geçiriş tizliginden ýokarydyr. Gözlegçiler optiki kabelde 3000 kilometre çenli uzynlykda sekuntda 319 terabaýt (39,875 terabaýt) maglumat geçiriş tizligini gazandylar.

Täze tizlik diňe bir haýran galdyryjy bolman, eýsem bar bolan infrastruktura bilen hem gowy işleýär. Ýagny tizligi has aňsatlaşdyryp geçirip bolýar.

Täze rekord, Ýaponiýanyň Milli Maglumat we Aragatnaşyk Tehnologiýalary Institutynda (NICT) fizik Benýamin Puttnamyň ýolbaşçylygyndaky alymlar we inženerler tarapyndan ýola goýuldy. Mundan öň häzirki standart bolan bir optiki süýümli turbanyň ýerine maglumatlary üç turba arkaly ugrukdyrýan tehnologiýa ulanylýardy. Bu usul uzak aralyklarda signalyň zaýalanmagyny azaldýar. Täze 319 terabit tizlikde maglumat geçiriş usulynda hem şuňa meňzeş tehnologiýa ulanylýar.

Mülkaman AŞYROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok