“Kamaz” kompaniýasynyň Baş Direktory Sergeý Kogogin žurnalistilere beren maglumatynda, Türkmenistan bilen kompaniýanyň arasynda, Türkmenistanyň şertlerinde synag etmek üçin elektrik awtobuslaryny ibermegi meýilleşdirýän gepleşikleri alyp barýandyklaryny aýtdy.
Meýilleşdirilýän bu ulagyň esasy aýratynlyklary bolsa onda ýolagçylar üçin amatly şertleri döredýän howa aýlanyşyny dolandyrmak üçin dolandyryş ulgamy, sanly ulgamyň ýerleşdirilmegi, we wi-fi bilen üpjün edilmegidir.
“Kamaz” 2021-nji ýylda 350 sany elektrik awtobusy öndürdi. Olaryň köpüsi Russiýa Federasiýasynyň uly şäherlerinde – Moskwa, Naberežnye Çelny we Rostow-na-Donu-da üstünlikli işleýär. Geljek ýyl kompaniýa bu Rus önümini işjeň wagyz etmegi meýilleşdirýär.
Atadurdyýew Wepa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 4-nji ýyl talyby
Teswirler