Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezindde geçirildi.

Maslahatyň başynda bu ýere ýygnanlar  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna iberen Gutlagyny diňlediler.

Maslahatda çykyş edenler türkmen döwletiniň we mähriban halkymyzyň taryhynyň 30 ýylynyň dowamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyna aýratyn üns berildi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeňlerini Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Muhammetdurdyýewa Ogulsenem

Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň
Umumy fizika, matematika we informatika

kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok