16-njy dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ýurduň eksport mümkinçiliginiň gatnaşyklaryna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.
Gibrid formatda geçirilen bu foruma iri döwlet kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem eksporta gönükdirilen önüm öndürmek bilen meşgullanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzalary gatnaşdy. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanýan daşary ýurtly wekiller maslahata wideo baglanyşygy arkaly goşuldy.
Maslahatyň netijesinde, dünýä ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlaryna esaslanyp, türkmen önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak üçin anyk teklipleri we strategiýalary işläp düzmek meýilleşdirilýär.
Çaryýewa Orazjemal
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň uly mugallymy
Teswirler