Türkmenistan we BMG-nyň bosgunlar boýunça Ýokary komissary global ylalaşyk boýunça 1-nji sammitiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Onlaýn ýagdaýda geçirilen gepleşiklerde türkmen tarapyna ýurduň migrasiýa gullugynyň hünärmenleri wekilçilik etdiler. Bu baradaky habary SNG.today habar berýär.
Duşuşykda hünärmenler bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine, hususan-da, raýatlygy ýokluga, bosgunlar baradaky ähliumumy şertnamanyň esasy ädimlerine we netijelerine aýratyn üns berdiler.
BMG-nyň bosgunlar boýunça Ýokary komissary-nyň wekilleri öz gezeginde Türkmenistanyň adam hukuklary, şol sanda raýat hukuklary babatynda gazanan üstünlikleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilendigini bellediler. Mundan başga-da, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler