Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy

15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär. Sekiz burçly hem-de «2022» diýen ýazgy bilen bezelen ajaýyp ýaşyl arça “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Dürli öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň beýikligi 38,5 metre, göwrümi bolsa 16 metre deňdir. Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda Aşgabatdaky Baş arça GDA ýurtlarynyň paýtagt şäherleriniň Täze ýyl arçalarynyň arasynda beýikligi boýunça birinji orny eýeläp gelýär.

Aýazbaba we Garpamyk kabriolet awtomobilinden ak gar ýaly paýtuna münüp, ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ezber atly ýigitleriniň, şeýle hem ajaýyp görnüşde bezelen iki gat awtobusdaky körpeleriň ugratmagynda Täze ýyl baýramynyň öň ýanyna mahsus keşbe giren Aşgabadyň köçeleri boýunça gezelenç etdi.

Baýramçylyk kerweni “Älem” medeni-dynç alyş merkezine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary bilen ýalkym saçýar. Täsinlikler ýurdunyň girelgesinde myhmanlary dürli öwüşginlere beslenen türkmen halk ertekileriniň, çagajyklaryň söýgüli multfilmleriniň gahrymanlary garşy aldylar.

Gadymy ertekilerde beýan edilen galalaryň hem-de gündogar bazarlarynyň özlerine mahsus nyşanlary bilen ýasalan kiçeldilen nusgalary täsin baýramçylyk öwüşginini emele getirýär.

Täze ýyl baýramçylyk lybasyna beslenen çagalar Aýazbabany hem-de Garpamygy uly şowhun hem-de şadyýan aýdymlar bilen garşyladylar.

Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, sungat mekdepleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň çagalar tans toparlarynyň ýaşajyk artistleri olar üçin özleriniň döredijilik sowgadyny taýýarlapdyrlar. Gündogar senenamasynyň nyşanlarynyň lybasyna beslenen çagalar ýurdumyzyň Baş arçasynyň daşyndan aýlanmaga çagyrýarlar.

Elbetde, şatlyk-şowhuna beslenen Täze ýyl dabarasynyň esasy pursady çagalaryň islegi hem-de Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň gudraty bilen arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy boldy. 

Dabara “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnalan sahnadaky konsert bilen dowam etdi.

Çagalara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp sowgatlar gowşuryldy.

Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlarda “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançalardaky, şeýle hem ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok