“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy awtomobil gatnamalaryna bolan islegleri talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 5-nji “Teke bazar – Arzuw”, 17-nji “Awtokombinat-Awtomenzil”, 108-nji “Teke bazar – “Aşgabat” söwda merkezi” täze üýtgedilen ugurlar boýunça awtobus ugurlary işe giriziler
5-nji “Teke bazar – Arzuw” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar M. Kaşgary köçe – D. Azady köçe –A. Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – N. Andalyp köçe – A. Berdiýew köçe – T. Suhanlyýew köçe – H. A. Ýasawy köçe – B. Annanow köçe – G. Kulyýew köçe bilen hereket edip, “Arzuw” belleniş nokadyndan yzyna G. Kulyýew köçe – B. Annanow köçe – H. A. Ýasawy köçe – T. Suhanlyýew köçe – A. Berdiýew köçe – N. Andalyp köçe – Görogly köçe – A. Nowaýy köçe – D. Azady köçe – A. Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.
17-nji “Awtokombinat-Awtomenzil” ugur boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar A.Nyýazow şaýoly – A.Garlyýew köçe –Görogly köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Andalyp köçe – Watan köçe – A.Nyýazow şaýoly – O.Annaýew köçe – Arçabil aýlaw ýoly bilen hereket edip, “Awtomenzil” belleniş nokadyndan yzyna Arçabil aýlaw ýoly – O.Annaýew köçe – A.Nyýazow şaýoly – Watan köçe – Andalyp köçe – G.Bäşşiýew köçe – Andalyp köçe – Magtymguly şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçe – A.Garlyýew köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.
108-nji “Teke bazar – “Aşgabat” söwda merkezi” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar M. Kaşgary köçe – D. Azady köçe – A. Nyýazow şaýoly – S. Seýdi köçe – Tahran köçe – Mollanepes köçe bilen hereket edip, yzyna A. Nowaýy köçe – D. Azady köçe – A. Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.
Teswirler