Bitaraplyk – buýsanjymyz

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmen halky özüniň ata-baba asyrlar boýy arzuwlap gelen döwlet Garaşsyzlygyny gazandy. Garaşsyzlyk alyp galkynan türkmen öz arzuwlaryna tarap ädimme-ädim ilerledi. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Türkmenistanyň hoşniýetli we parahatsöýüjilikli daşary syýasaty netijesinde halkara abraýy güýçlendi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ata Watanymyz Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiniň biragyzdan goldamagy bilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy.

Türkmenistan Watanymyzy Bitarap döwlet diýip ykrar etmek baradaky bu karar hemmetaraplaýyn bähbitli çözgüt boldy, çünki munuň degerli sebäpleri bardy. Birinjiden, Türkmenistan Merkezi Aziýada strategiki taýdan örän amatly ýerde ýerleşýärdi we BMG-niň bu sebitde ylalaşdyryjy wekilhanasy hökmünde hyzmat edip biljekdi. Ikinjiden, Bitaraplyk derejesiniň berilmegi Türkmenistana öz ýeriniň we baýlyklarynyň eldegirmesizligini üpjün etmekde uly ýardam berjekdi. Şeýle sebäplere esaslanyp kabul edilen “Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky” taryhy karar özünden garaşylýan netijeleri dolulygyna ödedi. Bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistan daşary döwletleriň ählisi bilen diýen ýaly diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan giň göwrümli işleriň ara alnyp maslahatlaşylýan merkezleriň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä ýüzünde saglygy goraýyş, sport, ylym-bilim, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy ýola goýmak ýaly birnäçe ulgamlarda uly öňegidişlikler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gollanylýar. Her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününiň, 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmegi, ýa-da bolmasa, 2021-nji ýyly bütin dünýäde “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýip yglan edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda döwletimiziň şu hili dünýä derejesinde alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmagy, uly ösüşleri nazarlaýan tutumly başlangyçlary öňe sürmegi geljekde ýurdumyzyň ösüşiň täze basgançaklaryna galmagy we onuň ähli döwletler bilen durnukly dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklamagy üçin örän ähmiýetlidir.

Aýgül ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok