«Halkyň Arkadagly zamanasy» – eşretli durmuşyň güwäsi

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran ajaýyp döwri ildeşlerimiz tarapyndan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip ykrar edildi. Ata Watanymyz Türkmenistanda  2007-nji ýylda berkarar edilen bu täsin döwür ýurdumyzyň asuda hem abadan  durmuşynyň. eşretli hem bolelin ýaşaýşynyň, parahat hem bagtyýar ykbalynyň nyşanyna öwrüldi. Çünki, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitarap ýurdumyzyň günsaýyn gülläp ösüp, kuwwatly döwlete öwrülmegi, halkymyzyň Gahryman Arkadagly zamanamyza bolan belent söýgüsini aýan etdi. Bu belent söýgi  Beýik Arkadagly zamanamyzyň kalbymyzda bagtyýarlyk mukamy bolup ýaňlanýan belent ruhuny alamatlandyrýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, şu ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde bolup geçen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy» atly maslahatda ildeşlerimiz tarapyndan 2022-nji ýylyň şygaryny kesgitlemeklik boýunça öňe sürlen teklipleriň we ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde indiki ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy»  diýip atlandyrmaklyk hakyndaky teklip biragyzdan makullanyldy. Ine, şunuň özi hem «Halkyň Arkadagly zamanasynyň» türkmeniň şu günki ajap ykbalydygyny ykrar edýär. Diýmek,  «Halkyň Arkadagly zamanasy»  –  eşretli durmuşyň güwäsi.  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly şu ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilen altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahatynda  «Durmuş hyzmatlary hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr. Çünki «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny  aýry-aýry adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyk, öz şahsy isleglerini özbaşdak üpjün etmek mümkinçiligini giňeltmeklik maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleri hem-de hereketleri göz öňünde tutýar. «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolsa ynsan saglygynyň ýurdumyzyň baş baýlygydygynyň nobatdaky ykrarnamasydyr. Bu Kanunlar bilen  2022-nji ýyla – «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna gadam basjak halkymyz täze ýylda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent maksatlary amal ederler.

Gülşat HOJAMOWA,

D.Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok