11-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinowy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, Halkara Bitaraplyk güni we hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen gutlady.
Dýusen Kaseinow Türkmenistanyň Garaşsyz, Bitarap ösüş döwründe gazanan üstünlikleriniň we ýurdumyzyň medeni diplomatiýa boýunça ýeten derejesiniň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň baý özboluşly däpleriniň täze taryhy eýýamda saklanylmagyna, milletiň medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine gönükdirilen ägirt uly tagallalary edýän döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigini aýratyn nygtady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin guramanyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, TÜRKSOÝ bilen dünýäde türki dilli halklaryň umumadamzat medeni hazynasynyň möhüm bölegi bolan baý medeni mirasynyň saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de medeniýet we sungat ugurlaryndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, döredijilik babatda tejribe alşylmagynyň bähbitlidigini bellediler. Hususan-da, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine görülýän taýýarlyk işlerine möhüm üns berildi.
Guramanyň ýolbaşçysy “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” ady bilen geçirilýän halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi we bu wekilçilikli forumyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde ähmiýetlidigini nygtady.
Ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk syýasatyny alyp barmakda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän orny ýurdumyzyň abraýynyň belende galmagyny şertlendirdi. BMG-niň 2021-nji ýyly Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi munuň aýdyň beýanydyr diýip, TÜRKSOÝ-nyň ýolbaşçysy belledi.
Dünýä möçberli waka öwrülen bu gezekki maslahatyň üstünlikli geçirilmegi türkmen döwletiniň sebitleýin we ählumumy möçberde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berýän we Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň ähmiýetlidigini we onuň işjeň häsiýete eýedigini tassyklady diýip, Dýusen Kaseinow belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary sebitiň halklaryny baglanyşdyrýan bu guramanyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň umumy türki medeniýetiň dünýä medeni giňişligine mundan beýläk-de netijeli goşulyşmagyny üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.
Teswirler