Materiallary diňe ýagtylyk bilen üýtgedip boljak täze lazer tehnologiýasy oýlanyp tapyldy

Alymlar materiallary ýagtylyk bilen özgertmek üçin uly ädim ädendiklerini habar berdiler. Täze oýlanyp tapylan açyş, şobada penjirä öwrülýän aýnalary ýa-da elektrik energiýasynyň ýerine ýagtylygy ulanýan ýokary tizlikli kompýuterleri we başga-da köp zatlary ýasamak üçin uly ädimdir.

Alymlar materiallary şekillendirmek we heýkeltaraşlyk işleri üçin lazerleri ulanmagy köpden bäri arzuw edýärdiler. Ýöne lazerleriň işlemäge synanyşýan zatlarynyň hemmesine zeper ýetirýän ýylylyk prosesi sebäpli petiklendi.

“Bu synaglarda zerur lazerler gaty güýçlüdir, şonuň üçin ýylylyk öndürmezligi we materiallara zeper ýetirmezligi kyn” – diýip bu gözlege gatnaşýan alym Juni Şan aýtdy.

Bu ugurdaky käbir meseleleri çözmek üçin lazeri inçe düzmek arkaly alymlar materialyň häsiýetlerini ýylylyk öndürilmän üýtgedip boljak ajaýyp usuly tapdylar. Bu usul alymlar üçin örän möhümdir.

Rahman ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok