12-nji dekabrdaky dynç güni 13-nji dekabra geçirildi

10-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky dynç güni 13-nji dekabra – duşenbe gününe geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu çözgüdi Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, ýurduň ilatynyň Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen kabul etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok