Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylygynda türkmen wekilýeti Italiýa-Merkezi Aziýa” düzümindäki ikinji ministrler maslahatyna gatnaşdy. Şeýle-de gibrid görnüşde geçirilen bu maslahata Italiýanyň diplomatlary, Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow özüniň sanly wideoýüzlenmesinde ýurtlarymyzyň dünýä syýasatynyň iň wajyp meseleleri boýunça pikirleriniň köplenç halatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini, hem-de emele gelen köptaraplaýyn dialogyň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen bolup, parahatsöýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýändigini belledi.
Maslahatyň çäklerinde “Italiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri” atly tegelek stol hem gurnaldy.
Begenjow Muhammetoraz
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby
Teswirler