Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk künjeginde 2 milliona golaý tut nahaly oturdyldy. Türkmenportal bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyra” salgylanyp habar berdi.
Daşoguz welaýaty Türkmenistandaky iň uly pile öndürijileriň biridir. Şonuň üçin hem bu ýerde her ýyl 500 tonna golaý pile taýýarlanylýar. Şeýle-de, tut agajy ýerli ekologiýa oňaýly täsirini ýetirýär. Ol ekin meýdanlaryndaky beýleki ösümlikleri güýçli ýelden goraýar, ýerasty suwlaryň derejesini peseldýär, suwuň bugarmagyny we oba hojalyk ekinleriniň suwa bolan talabyny azaldýar, gurakçylygy peseldýär. Şonuň üçin hem her ýyl tut agaçlarynyň ençemesini oba hojalyk ekinleriniň töwereklerine we suw çeşmeleriniň ugruna ekýärler. Tut nahallary yssa we gurakçylyga çydamly bolup, olar toprak saýlamaýar
Häzirki wagtda ýüpekçilik ugry bu welaýatynyň oba hojalygynyň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanýar. Welaýatyň çäklerinde tut atyzlary iki müň gektardan gowrak ýer tutýar. Şeýle-de, bu ýerdäki tut agaçlary şäherleriň bezegi hökmünde ulanylýar. Adamlar onuň miwelerinden peýdalanýarlar. Mundan başga-da, bu agajyň ýapragynda ýokumly minerallar we maddalar bar.
Atajanowa Selbi
Türkmenistanyň döwlet energetika insitutynyň
Senagat tehnologiýa fakultetiniň Metallary işläp
bejermegiň tehnologiýasy hünäriniň 5-nji ýyl talyby
Teswirler