“NASA” 2009-njy ýyldan bäri Aýyň daşynda aýlanýan “Saturn” planetasynyň anyk we dury suratyny almagy başardy.
Amerikanyň awiasiýa we kosmos guramasynyň (NASA) Aý gözleg hemrasy bolan “Lunar Reconnaissance Orbiter” birnäçe wagtdan bäri Aýyň üstünde we çäginde bolup geçýän hadysalary synlap ol baradaky anyk maglumatlary Ýere ibermek we geljekde Aýa boljak uçuşlaryň kartasyny taýýarlamak wezipelerini ýerine ýetirýär.
Ýakynda, Aý gözleg hemrasy bolan “Lunar Reconnaissance Orbiter” 2009-njy ýyldan bäri Aýyň daşyndan aýlanýan “Saturn” planetasynyň şekilini anyk we dury almagy başardy we Ýere iberdi. Bu barada “NASA” beren beýanatynda suratyň 13-nji oktýabrda alnandygyny we Ýere suratyň takyk görnüşi gelýänçä biraz wagtyň gerek bolandygyny mälim etdi.
“Lunar Reconnaissance Orbiter” mundan öň hem birnäçe planetalaryň suratlaryny almagy başarypdy. Alnan suratlar näçe takyk we dury bolsa-da Saturnyň üstüniň nähili gurluşa eýeligi barada hiç hili maglumat almak başartmady.
Teýmurhan ATANIÝAZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.
Teswirler