Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesi üslünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Oňa diýarymyzyň ähli ýerinde häzirkj zaman sport desgalarynyň, stadionlaryň we sport mekdepleriniň giň gerim bilen gurulýanlygy-da, eýýam olaryň ençemesiniň türgenleriň hyzmalyna berlenligi-de aýdyň şaýatlyk edýär Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygy bilen bagly terbiýeçilik işleriniň ünsden düşürilmezligini talap edýän milli üderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimizde uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimiziň kämilleşmegi we ösmegi üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň sagdyn ruhda terbiýelenmegini, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak bolsa esasy wezipeleriň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramak we puglalandyrmak, olaryň beden hem-de ruhy kämilligi üçin şertleri dörelmek döwlet işiniň möhüm bölegi bolup durýar. 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilip geçilýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek, saglygy goraýyş we sport babatda halkara hyzmatdaşlygny pugtalandyrmak.
Türkmenistanyň degişli Minisirliklerine we pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de jemgyýetçilik guramalaryna «Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginde» sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň, köpçülikleýin bedenterbiýe we medeni çäreleriň, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Turkmenistan raýatlaryň saglygyny goramak babatda işjeň döwlet syýasatyny alyp barmak bilen, olaryň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksat-namasynyň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we ornaşdyrmaga, adamyň saglygyny pugtalandyrmaga we keselleriň öňüni almaga, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň guralyşyny, dolandyrylyşyny, hilini hem-de ony guramaga we döwlet gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmäge gonükdirilen çäreleriň netijesini biz gündelik durmuşymyzda gorýäris. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde döwlet tarapyndan kepillendinlen möçberiniň çaklerinde ilata edilýän saglygy goraýyş komeginiň elýeterliligi we mugtlugý üpjün edilýär, ilata netijeli, üznüksiz we ýokary hilli saglygy goraýyş kömegi behlýär, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy ýo-karlandyrylýar, ýokanç keselleriň öňüni almakda ygtybarly serişdeler ulanylýar, ilatyň döwlet-meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrylyşy kämilleşdirilýär.
Jemgyýetiň ruhy taýdan kämil ösmeginde medeniýetiň, fiziki taýdan sagdyn kemala gelmeginde sportuň ähmiýetiniň ýokarydygyny adamzat taryhy subut etdi Ýurtda medeniýet bilen sport sazlaşykly alnyp barlanda, ynsan hemmetaraplaýyn gözel bolýar, ýagny daşky görnüşi göze gelüwli, ruhy taýdan kämil, fiziki babatda güýçli şahsyýet bolup ýetişýär.
Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz medeniýetiň we sportuň sazlaşykly ýola go-ýulmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň biri bolan S. A. Nyýazow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär mekdebiniň hem ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň döwrebäp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşjak talyplara okuwynyň daşyndan sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär.
Her bir işde halkymyza, ösüp gelýän ýaş nesle şahsy görelde görkezýän, döwletimiziň dünýä ýuzündäki abraýynyň has-da artmagy, halkymyzyň bolelin ýaşamagy, ýaşlarymyzyň bilimli, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn we kämil nesiller bolup ýetişmegi üçin alada edýän Hormatly Prezidentimize halkymyzyň alkyşlary çäksizdir. Watanymyzy ösüşleň belent sepgitlerine ýetiren, halkymyzy bagtyýar döwre getiren parasatly döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan lutumlary rowaç alsyn!
Reýhan BABAJANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler