25-nji noýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisiniň aýaly Dubrawka Ýowanowiçiň we “Ýeňme” jemgyýetçilik birleşiginiň agzalarynyň şeýle-de maýyp çagalary bolan maşgalalaryň gatnaşmagynda agaç nahallaryny oturtmak çäresi geçirildi. Bu çäre APPLE (Ambassador’s Partner Private Line for Environment) maksatnamasynyň çäginde gurnaldy. Bu başlangyç, tebigaty goramak üçin şahsy hereketiň mysalydyr.
GÜLBAHAR ÖWEZNIÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Teswirler