“Miras” žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde neşir edilýän “Miras” atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu žurnalda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly alymlaryň halkymyzyň ruhy mirasyny, şol sanda golýazmalary öwrenmek boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri, dil öwrenmegi, edebiýatşynaslygy we taryh ylmyny ösdürmek meseleleri baradaky makalalar çap edilýär. Bu barada TDH habar berýär.

Neşiriň bu sanyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de türkmen halkyna Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Gutlaglary açýar.

“Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde ýerleşdirilen “Mukaddes Garaşsyzlyk — milletiň buýsanjy” atly makalada türkmen döwletiniň berkarar bolmagynyň taryhy hem-de halkara giňişlikde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Şeýle hem makalada eziz Diýarymyzyň ösüşiň innowasion ýoly bilen senagat taýdan ösen ýurda öwrülendigi barada aýdylýar.

Ýene-de şu bölümde Türkiýäniň Egeý uniwersitetiniň professory F.Türkmeniň hem-de Pamukkale uniwersitetiniň mugallymy, dosent S.Saglamyň “Ýusup Has Hajyp we Ýunus Emre sözüň ahlak güýji we ähmiýeti barada” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Makalada iki beýik şahsyýetiň dünýägaraýyşlary, diliniň aýratynlyklary, geçmişiň ruhy mirasy esasynda taglymatlar beýan edilýär.

“Hoja Ahmet Ýasawy: türkmen intellektual aňynyň röwşen sahypasy” atly makala uly gyzyklanma döreder. Orta asyrlarda milli filosofiýanyň hem-de şygryýetiň ösmegi, ilkinji nobatda, meşhur akyldar, pir, sopy-mistik alym Hoja Ahmet Ýasawynyň ady bilen baglydyr. Onuň taglymatlaryna düşünmek üçin taryh, Gündogar mistisizminiň däpleri, sopuçylyk filosofiýasynyň aýratynlyklary bilen bagly meselelere ýüzlenilýär.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde ýerleşdirilen “Türkmenleriň arkalaşmak däbi” atly makalada giňden ýaýbaňlandyrylan, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwren bag ekmek çäreleriniň gelip çykyşyna seljerme berilýär.

“Türkmenleriň keçe sungatynyň taryhyndan” atly makala okyjylary asyrlaryň jümmüşine syýahata alyp gidýär. Bu makala häzirki döwrüň hem-de geçen ýyllaryň alymlarynyň ylmy barlaglarynyň esasynda ýazyldy. Ýazuw çeşmelerine, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan taryhy tapyndylara esaslanyp, makalada keçe basmagyň taryhy, usullary we bezegleri barada gyzykly maglumatlar getirilýär.

Žurnal «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylyň üçünji çärýegindäki ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn bilen jemlenýär.

Žurnalyň sahypalary häzirki döwrüň sungat ussatlarynyň işleri we fotosuratlary, seýrek arhiw materiallarydyr kartografiýa şekilleri bilen bezelipdir.

Aýnazar Atamyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok