Bitaraplyk — şan-şöhraty Diýaryň

Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimiz üçin uly mertebedir, Bitarap Diýara söýgiňi has-da artdyryp, göwnüňi ganatlandyrýan belent derejedir.

Bitaraplyk parahatçylykdyr, abadançylykdyr we agzybirlikdir, dünýä halklary bilen sylaşyklylykdyr, birek-birege ynanyşmakdyr. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyşynda hem parahatçylyk döredijiligiň we oňyn ylalaşykly çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly hökmünde Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamasynyň düzgünlerini ornaşdyrmak üçin netijeli çäreleri görmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýratyn nygtap aýtdy. ªeýlelikde, Bitaraplyk taglymatymyz barha çuň many-mazmuna eýe bolýar.

Hawa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýar. Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm resminamalaryň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Her ýylyň 12-nji dekabrynda bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk gününiň dabaraly bellenilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde bolsa «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän Bitaraplyk taglymatynyň dünýä derejesinde ähmiýetli orun eýeleýändigini görkezýär.

Bitaraplyk taglymatyny dünýä ýaýyp, halklaryň we ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda dünýä nusgalyk başlangyçlary öňe sürýän milli Liderimize alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Baýramowa Gunça,
Türkmen Döwlet binagärlik we gurluşuk
institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok