Gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmeginiň ähmiýeti

     Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maliýe usullarynyň görnüşini giňeltmegiň hasabyna serişdeleri amatly peýdalanmak, durnukly esasda uzak möhlete maýa goýumlary çekmek maksady bilen,  gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

      “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda gymmatly kagyzlar bazary fiziki we ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanşygy bilen baglanşykly gatnaşyklarynyň jemi hökmünde görkezilýär. Paýnamalaryň we obligasiýalaryň çykarylmagy arkaly gymmatly kagyzlar bazarynyň emele gelmegi haryt önümçiligini giňeltmek zerurlygy bilen baglydyr.

      Ýurdumyzyň paýdarlar jemgyýetleri gymmatly kagyzlar babatynda ilat köpçüligine mahabatlary giňden ýetirýärler. Sebäbi olaryň çykarýan gymmatly kagyzlaryna bolan islegiň yzygiderli artmagy, çykarylýan gymmatly kagyzlara tölenilýän göterimler (diwidentler) özüniň oňyn netijesini hem berýär.

      Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde, ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegini gazanmak maksady bilen, “Aşgabat” gazna biržasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. 

      Munuň özi gazna biržasynyň işiniň halkara tejribäniň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün edip, onda döwlete dahylly gymmatly kagyzlaryň ýerlenmegi hem-de hususy taraplaryň hem paýnamalaryny dolanşyga çekmegiň ýola goýulmagyna itergi berýär.

      Döwrebap sanly tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi häçe köp bolsa, maliýe ulgamynyň we onuň esasy düzümi hökmünde çykyş edýän gazna bazarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmegini şertlendirýär.

    Gazna bazary – munuň özi maliýe bazarynyň esasy düzüm bölegi bolmak bilen, döwletiň maýa goýum ugurlarynyň biri bolup durýar.

    Ýurdumyzyň tapgyrlaýyn bazar ykdysadyýetine geçýän döwründe ykdysady ösüşi we bäsdeşlige ukyplylygy gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüş derejesine bagly bolmagyny hem, gelejegi nazarlaýan maliýe bazary hökmünde hem düşünip bolar. 

     Gazna bazarynyň ösüş derejesi bilen ykdysady ösüşiň arasyndaky özara baglanyşyk bu maliýe araçyllaryň (banklar) maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge serişdeleri çekmekden we özleriniň iş ukyplaryny töwekgelçiligi dolandyrmaga gönükdirmekden ybaratdyr.   

     Ýurdumyzda gazna bazarynyň herekete getirilmegi eýeçiligiň dürli görnüşiniň we telekeçilik işiniň kämilleşýän döwründe örän wajyp gurallaryň biri boldy. Gymmatly kagyzlaryň ýerleşdirilmegi arkaly gelip gowuşýan şahsy we edara görnüşli taraplaryň pul süýşürintgileri hakyky önümçilik obýektlere we dürli ugurly döwrebap tehnologiýalara öwrülýär.

     Netijede, milli ykdysadyýetde geleşikleriň möçberini artdyrmak bilen, tehnologik sanly innowasiýalara we ykdysady ösüşe öz oňyn täsirini ýetirýär.

     Şeýle işleriň alnyp barylmagynda döredýän giň mümkinçilikleri üçin, Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Atamyrat Myratdurdyýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok