Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sporty ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi biri-biri bilen baglydyr. Oňa “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” diýen jümleler hem şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň yzygiderli aladasy netijesinde, ýurdumyzda raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegi we döwrebap bilim almagy üçin şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirilýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi.Şonuň bilen baglylykda, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere uly itergi berdi.
Ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, berilýän bilimleri özleşdirmeginde sportuň aýratyn uly orun bardyr. Gahryman Arkadagymyz: “Sport gözellikdir, sagdynlykdyr, ruhubelentlikdir. Sporta söýgi häsiýetini taplamakdyr, wagta mynasyp garaýyşdyr. Çünki ruhy baý adamyň kalbyny ýeňiş arzuwy eýeleýär diýip pikir edýärin” diýen dürdäne sözleri sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň sagdyn bedenli bolmakdaky ähmiýetini doly açyp görkezýär
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň şahsy göreldesi netijesinde ata Watanymyzda sport, köpçülikleýin bedenterbiýe giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarynda sport çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar.
Biziň bagtly gelejegimiz üçin gijesini gündiz edip işleýän, ähli üstünliklerimiziň başynda duran, dünýäde parahatçylygyň ösmegi, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagy üçin döwletli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!
Batyr MEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyplaryň sport klubynyň başlygy.
Teswirler