Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde “Garagum” atly döwrebap myhmanhanasy we köpugurly merkezi açyldy. Açylyşa başga-da dürli pudaklaryň ýolbaşçylary, aýdymçy sazandalar we ýaşlar gatanaşdylar. Bu myhmanhana paýtagtymyz Aşgabadyň A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň sepgidinde ýerleşýär. Binanyň umumy meýdany bolsa, 7 gektara bara-bardyr. Aýratyn arhitekturasy bilen tapawutlanýan myhmanhanada jemi 80-den gowrak otaglar bolup, ol hem öz gezeginde suite, lýuks we super lýuks ýaly görnüşlere bölünýär. Mundan başga-da, bu myhmanhanada 500 adamlyk Toý zaly, 500 adamlyk banket zaly,150 adamlyk restoran, howuz, fitnes toplumy we tennis korty hereket edýär. Belläp geçsek, “Garagum” otelinin gurluşygy 2018-nji ýylda Rönesans kompaniýasy tarapyndan başlanypdy.
Ymamguly RAHMANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
uly mugallymy.
Teswirler