Pan Gi Mun Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy

Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan resmi çärä hormatly myhman hökmünde Pan Gi Mun gatnaşdy. Bu baradaky habary atavatan-turkmenistan web sahypasy ýetirýär.

Saýtda habar berilmegine görä, bu resmi çärä degişli döwrüň BMG-nyň baş sekretary, Global ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Mun şeýle-de Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kim Hyoeun gatnaşdy. Bundan başga-da Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň we goňşy döwletleriň ilçileri bu çärä gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medal bilen sylaglanan Pan Gi Mun, Milli Liderimize öz minnetdarlyk sözlerini beýan etdi we Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýänligi barada çykyş etdi.

Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok